göripçilik

göripçilik
[gö:ri:pçilik]
Göribe degişli bolan gylyk-häsiýet, bahylçylyk, içigaraçylyk, göriplik.
∙ Adamlarda göripçilik diýen zat bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Eliniň içigaraçylyk, göripçilik häsiýeti şeýle güýçlüdi, ondaky hemme häsiýetlerden iň ýokary derejede durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
∙ Bagtymyň açylanyna göripçilik etmäň, sowluň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem göripçilik - göripçiligi.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»